Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

09.10.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Permanda bellenilişi ýaly, Rejep Taýyp Ärdogan bu sylag bilen Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sylaglanýar.