Daşoguz şäherine täze häkim bellenildi

08.10.2024

Çopanow Nurberdi Özbekowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Nurnazar Pirnazarowiç Handurdyýew bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara 7-nji oktýabrda gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.