Özbegistan bilen Gazagystanyň arasynda täze ýoluň gurulmagy meýilleşdirilýär

16.11.2023

Daşkentde geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailow sebitde ulag infrastrukturasynyň ösüşini öňe sürmek başlangyjyny beýan etdi. Onuň gurama agza ýurtlaryň onusyndan ýedisiniň dünýä ummanyna çykyp bilmejekdigini belläp, serhetaşa söwda we logistika infrastrukturasynyň döredilmegine üns bermegi teklip edendigini «Trend» habar berdi.

Premýer-ministriň pikiriçe, esasy ösüş faktorlaryndan biri Gazagystan we Özbegistan serhedinde ýerleşýän senagat hyzmatdaşlygynyň «Merkezi Aziýa» halkara merkezi bolar. Gyrgyzystan Respublikasy bilen serhetde hem şeýle toplumyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Galyberse-de, Gazagystan ýurdüň günbatar sebitleri bilen Özbegistanyň aragatnaşygyny berkitmek we 8-nji TRACECA (Transport Corridor Europe-Caucasus-Asia) ulag geçelgesini tamamlamak üçin «Beýneu-Şalkar» awtomobil ýoluny gurar.

Gazagystan Hazarda deňiz portlarynyň ösdürilmeginde ünsi jemlemek bilen, Aktau portunda konteýner merkeziniň we Kuryk portundaky «Sarža» köpugurly terminalynyň gurluşygyna hem uly ähmiýet berer. Şeýle hem, 2030-njy ýyl golaýladygyça ýük gatnawyny ýylda 500 müň konteýnere çenli artdyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üpjünçiligi üçin Hytaý bilen serhetde stansiýa ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär. Galyberse-de, Gazagystan Trans-Hazar halkara geçelgesiniň ösüşi boýunça işjeň hyzmatdaşlyklary alyp barýar we Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe bilen bilelikde 2027-nji ýyla çenli Orta geçelgäniň ösüşi üçin ýol kartalarynyň üstünde işleýär.