Germaniýada ulaglaryň transport logistikasynyň bahalarynyň ýokarlanjakdygy çaklanylýar

14.11.2023

Germaniýanyň ekspeditorlar we logistika assosiasiýasy 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryndan ýük ulaglarynyň geçmegi üçin harçlaýan çykdajylarynyň ortaça 81% ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Assosiasiýa tarapyndan berlen sargyda laýyklykda, «Forlogic» konsalting kompaniýasysy oňa 2160 ulag serişdesi, profilleriň tapgyry, şeýle hem 230 000 gowşurylyş maglumatlary boýunça baha berdi.

Nemes assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, dekabr aýyndan başlap umumy ýük çykdajylarynyň 42 %-den ybarat bolan bölegi sebit paýlaýyş ýüklerine degişli bolar. Şu ugurdaky ýygymlardyr tölegler boýunça kanunyň üýtgemegi sebäpli, töleg esasynda hereket edýän ýerli ulaglaryň sanawy 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryndan has giňeldiler. Çykdajylaryň ýokarlanjakdygy eýýäm anyk kesgitlenildi: 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, tehniki taýdan rugsat berlen umumy agramy 3,5 tonna ýa-da ondanam köp bolan kiçi göwrümdäki ýük ulaglary hem tölegli şertlerde geçer.