Ýylyň üçünji çärýeginde Ýewropanyň iň uly konteýner porty bolan Rotterdamda konteýnerleriň ugradylmagy azaldy. Şunlukda, ýylyň dokuz aýynda ugradylan ýüküň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijisinden pes bolmagynda galýar. Birinji çärýekdäki görkezijiniň takmynan 12% pese düşmeginiň netijesinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende aratapawut 3% -e çenli azaldy. Dokuz aýyň dowamynda Rotterdamda konteýner dolanyşygynyň görkezijisi 10,2 million TEU bolup, munuň özi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7% pesdir.
Ýewropanyň iň uly konteýner portlarynyň sanawynda ikinji orunda durýan Antwerpen-Brýugge port toplumynyň görkezijileri hem 2023-nji ýylyň üç aýynda — iýul — sentýabr aýlary aralygynda pese gaçmagyny dowam etdi. Üçünji çärýekde Antwerpen portundaky bäş, Brýuggedäki bolsa bir konteýner terminallarynyň umumy görkezijisi 3,1 million TEU bolup, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende netijeliligiň 10% pese gaçandygyny aňladýar. Geçen çärýek bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygy 6% azaldy. Antwerpen-Brýugge portunda ýylyň dokuz aýynda umumy konteýner dolanyşygy 9,5 million TEU bolup, bu görkeziji bir ýyl ozalky netijeden 6,6% az bolup durýar.