Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2030-njy ýyla çenli zähmet bazaryny ösdürmek Konsepsiýasyny işläp düzmegi teklip etdi

25.09.2024

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

TDH tarapyndan berilýän habara görä, şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýandygyny we bu konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalary, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda belleýşi ýaly, maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak hem döwrüň talabydyr. Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe we salgyt-býujet ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle hem ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçiler uly işleri alyp barýarlar.

– Şoňa görä-de, 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli Maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.