ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Mejlisi ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

20.09.2024

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Mejlisi, ýurdumyzda ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmekde özgertmeleri geçirmek hem-de öňegidişlikleri gazanmak ugrunda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen Tegelek Stol duşuşygyny geçirdiler. Bu duşuşyk Türkmenistanda dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmeklige hem-de döwlet tarapyndan ilata berilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrylmagyna gönükdirilen dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň çäginde geçirildi.

USAID-iň Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktorynyň orunbasary hanym Monik Mosolfyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşukda, ýerli ähmiýetli meseleleri çözmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak maksady bilen USAID-iň bilermeni tarapyndan “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna geçirilen seljerme esasynda taýýarlanan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu seljerme ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň häzirki ýagdaýyny we kämilleşdirmeklige degişli ugurlary öz içine alýar.

Duşuşygyň dowamynda kanunçylygy kämilleşdirmeklige gönükdirilen teklipler, zerur bolan özgertmeler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmeklik we ilata üpjün edilýän hyzmatlary gowulandyrmaklygyň strategiýalary babatynda pikir alşyldy.

Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistany sosial-ykdysady taýdan ösdürmekligiň Milli Maksatnamasyna we USAID-iň demokratik institutlary berkitmek hem-de durnukly ösüş baradaky maksatnamasyna laýyk gelýär. USAID-iň “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy (GAT) Türkmenistanyň Mejlis bilen bilelikde kanunçylygy kämilleşdirmek babatynda başlangyçlary durmuşa geçirmekde, şol sanda kanuna üýtgeşmeleriň girizilmegi, jemgyýetçilik maslahatlary we ýerli dolandyryş edaralary üçin okuw maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygy dowam eder.