Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdelmajid Tebbuna Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biz Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.