Hormatly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilýän, Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyz ýurdumyz häzirki wagtda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy hem-de şöhratly wakalara beslenýär, milli ruhy gymmatlyklarymyz täze öwüşginde has-da dabaralanýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlary bilen birlikde, gadymy ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesi hem gaýtadan dikeldilýär. Ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen üstünlikli utgaşdyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlar, hünärmenler tarapyndan ekinleriň ýokary hasylly, welaýatlarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze sortlary döredilip, önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Daýhanlarymyza işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Olaryň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary, tohum, dökün bilen yzygiderli üpjün edilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bilen, türkmen ýaýlalaryndan bugdaýyň, şalynyň, beýleki dänelik ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär we ýurdumyzda azyk bolçulygy has-da pugtalandyrylýar.
Hormatly adamlar!
Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary derejede ösdürilýär. Täze belent sepgitlere, buýsançly zähmet ýeňişlerine ýetilýär. Gazanylýan her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda, ilkinji nobatda, oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlasy, döredijilikli zähmeti bardyr. Şonuň üçin hem döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň ählisi Diýarymyzyň zähmetkeş halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Çünki oba zähmetkeşleri ýadawsyz, halal zähmeti bilen sahawatly hem-de bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar, päk, halal zähmeti bilen ýokary ussatlygyny görkezip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň rowaçlanmagyna uly goşant goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz oba hojalyk pudagynyň işini halkara derejede ösdürmek, ony dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi bilen utgaşdyrmak, türkmen daýhanlarynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan özgertmeleri mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçireris. Oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri dowam etdirmek bilen, tohumçylyk işini döwrüň talabyna görä yzygiderli kämilleşdireris. Pudagy dünýäniň iň kämil, öndürijilikli tehnikalary bilen üpjün ederis. Oba hojalygyny gülledip ösdürmekde, toprakdan bol hasyl öndürmekde nusgalyk iş bitirýän edermen daýhanlarymyzyň işine hemişe ýokary baha bereris.
Hormatly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Sizi Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuşy, oba hojalygyny ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.