Türkmenistanyň Prezidenti YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi

09.11.2023

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi.

«Biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň diňe YHG-niň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan döwrebap ulag we kommunikasiýa torlary bar bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar we bu işde Guramamyza esasy orunlaryň biri degişlidir.

Şonuň üçin döwlet Baştutany möhüm infrastruktura desgalary bolan ýollary, köprüleri, çatryklary, ammarlary, terminallary we beýleki desgalary gurmak babatda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edýändigine aýratyn üns berdi.

«Amaly nukdaý nazardan, degişli döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň gatnaşmagynda, Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýäris» diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň we Gara deňziň potlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meseleleriniň geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara giňişliginde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmak, ýöriteleşdirilen guramalar bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy, halkara we sebitleýin ulag guramalary bilen işjeň iş alyp barmaklygyň YHG üçin möhümdigini belledi.