Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa syýasatyna ýokary baha berýär

18.09.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howa bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň eýeleýän ornuna, onuň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna, degişli taslamalary we maksatnamalary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigine ýokary baha berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede geçirilen «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahatyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol maslahatda möhüm meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, ony şu formatyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi hem-de eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" saýty habar berýär.