Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Andreý Belousow ulag we logistika geçelgelerini ösdürmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi — diýip, dostlukly ýurduň Hökümetiniň metbugat gullugy ýazýar.
Onda Demirgazyk — Günorta, Azow — Gara deňizleri hem-de gündogar ugurlary boýunça halkara ulag ugurlaryny ösdürmegiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Andreý Belousow halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça «Ýol kartalaryny» durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly taslamalary öňe sürmegiň möhümdigini aýtdy we olara aýratyn üns beriljekdigini belledi.
Maslahatyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň «Demirýollary» paýdarlar jemgyýetiniň («RŽD») başlygynyň orunbasary Mihail Glazkow şu ýylyň birinji ýarymynda eksport üçin demir ýol arkaly daşalan ýükleriň mukdary barada maglumatlary hödürledi.
Bellenişi ýaly, 2023-nji ýylyň alty aýynda Uzak Gündogaryň portlaryny we Hytaý, Mongoliýa hem-de Gazagystan bilen serhet geçelgelerini öz içine alýan gündogar tarapdaky ulag gatnawlary 9,1 göterim ýokarlandy. Netije-de daşalan ýükleriň sany bolsa 134,2 million tonna barabar boldy. Şol sanda eksport ýükleriň mukdary 13,2 göterim artyp, 92 million tonna çenli baryp ýetdi.
Mundan başga-da, Mihail Glazkow 2023-nji ýylyň aprelinden başlap, Demirgazyk — Günorta multimodal ulag geçelgeleriniň gündogar şahasy boýunça konteýner otlylaryny ibermegiň yzygiderliliginiň ýokarlanandygyny aýtdy. Şeýle-de hyzmatyň geografiýasy giňelendigi bellendi.
Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi birnäçe esasy ugurlary öz içine alýar. Halkara ulag geçelgesiniň ösmeginde Türkmenistanyň deňiz, derýa demir hem-de gara ýollarynyň täsiri köpdür.