Germaniýada howany goramak üçin ýük awtoulaglarynyň nyrhlary ýokarlandyrylar

30.10.2023

Germaniýanyň mejlisinde 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap esasy ýollarda 7,5 tonnadan gowrak agramy bolan ýük awtoulaglary üçin tölegi ýokarlandyrmak boýunça kanun kabul edildi. Bu uglerod dioksidiniň zyňyndy töleglerini nyrhlara goşmak bilen amala aşyrylar. Kanunda bellenilişine görä, bu düzgün 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, agramy 3,5-den 7,5 tonna çenli bolan ýük awtoulaglaryna hem degişli bolar.

Bu täze kanan ulaglardan çykýan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we howanyň durnuklylygyny saklamaga gönükdirilen bolup, onuň kömegi bilen 2030-njy ýyla çenli umumy ulag duralgalarynda elektrik ulaglarynyň paýyny 35% -e çenli ýokarlandyrmak maksat edinilýär.

Täze töleg ulgamynyň üsti bilen  2024 — 2027-nji ýyllarda 7,5 tonna ýa-da ondanam köp agramly ulaglaryň eýelerinden 26,61 milliard ýewro goşmaça girdeji alynmaga garaşylýar.

Mundan başga-da birnäçe aragatnaşyk kärhanasynda täze çykdajylar sebäpli müşderiler üçin bellenilen nyrhlaryň ýokarlandyrylmagy meýilleşdirýär. Ýewropanyň iň uly aragatnaşyk kärhanalarynyň biri bolan «Metrans» 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap her kilometre tölenýän pajyň 19 sente çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap tölegler kompaniýanyň nyrhlarynda aýratyn hasaba alynar.