Ýaş hünärmenleriň ýetmezçiligi: Näme üçin dünýäde ýük awtoulag sürüjileri azlyk edýär?

26.10.2023

Global ýük awtoulag sürüjileriniň ýetmezçiligi bu pudak üçin çynlakaý netijelere getirip biljek uzak möhletli meselä öwrüldi. Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň hasabatyna görä, häzirki wagtda dünýäde ýük awtoulag sürüjileri üçin takmynan 2,8 million boş iş orun bar, kompaniýalaryň 50% -den gowragy bu ugurda işgär ýetmezçiligini başdan geçirýär.

Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň işgärleri bu meseläniň has-da ýitileşjekdigini duýdurýarlar. Bu ugur boýunça ýakyn bäş ýylyň içinde, dünýäde 6,5 million boş iş ýeriniň boljakdygy çak edilýär. Bu çaklama, ilkinji nobatda häzirki işgärleriň ýaşynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýewropada sürüjileriň 33% töweregi 55 ýaşdan geçýär. Bu görkeziji olaryň ýakyn 10 ýylda pensiýa çykjakdygyny aňladýar. Sürüjileriň diňe 5%-i 25 ýaşdan kiçi. Ýük awtoulag sürüjisi hünäri boýunça aýallar umumy işçi güýjüniň 6%-inden hem az bölegini düzýär.

Mundan başga-da, işgär ýetmezçiligine amatsyz iş şertleri we çäkli sosial goraglar hem sebäp bolýar. Häzirki wagtda bu meseläni çözmek üçin ýaş işgärleri pudaga çekmek ýa-da sürijisiz ýük awtoulaglarynyň giňden ulanylmagy teklip edilýär.