Ýük daşaýjylar bazardan çykýarlar, nyrhlaryň peselendigi sebäpli gatnawdaky gämileriň sanyny azaldýarlar. Bu barada FESCO-nyň satuw we ösüş direktory Alekseý Krawçenko «Logist.ru» forumynda aýtdy.
Hünärmeniň pikiriçe, Aziýa-Demirgazyk Ýewropa ugrundaky ýük nyrhlary rekord bahalar bilen deňeşdirilende 11 esse azaldy. Mysal üçin, 2023-nji ýylyň maý aýynda ýük çykdajylary 1,282 dollar, 2022-nji ýylyň mart aýynda bolsa nyrhlar 14,437 dollara ýetdi.
Şol bir wagtyň özünde hünärmen 2023-nji ýylda dünýädäki ýük mukdarynyň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 2,7%, gämi kuwwatynyň bolsa, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,1% ýokarlandygyny aýtdy.
Alekseý Krawçenko esasy gämi kuwwatynyň 11 göteriminiň Aziýa içerki ugurlary üçin ulanylýandygyny hem belläp geçdi. Russiýanyň konteýner bazary 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende üýtgedi, eksport we üstaşyr 5%, import 26% ýokarlandy.
Mundan başga-da, spiker rus konteýner bazarynda konteýnerleriň tersine akymynyň tendensiýasynyň bardygyny aýtdy. Sankt-Peterburgyň deňiz portunda konteýnerleriň umumy sany ýarym esse azaldy, konteýner dolanyşygynyň artmagy Noworossiýsk portlarynda (+ 22%) we Uzak Gündogarda (+ 43%) hasaba alyndy.