2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan bäri Hytaýyň serhedinden geçilende hökmany saglyk kepilnamasyny doldurmak zerurlygy aradan aýryldy. Bu barada «Senhua» agentligi habar berdi.
«Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirligi 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap ýurda gelýänler, şeýle-de gidýän syýahatçylar üçin saglyk ýagdaýynyň beýany bolan resminama bilen baglanyşykly talaplaryň ýatyrylandygyny mälim edýär» — diýlip, şol habarda aýdylýar.
Muňa garamazdan, adamlar ýokanç keselleriň — gyzzyrmanyň, üsgülewügiň we içgeçmäniň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda meýletin habar bermelidirler. Şeýle-de Tehniki uniwersitetiň habarynda «Bedeniň temperaturasyny ölçemek, epidemiologiki gözden geçirmek üçin we beýleki sanitariýa hem-de karantin çäreleri wagtynda gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlyk ediň!” — diýilýär.
Epidemiýa sebäp bolup biljek howply kesellere duçar bolup, karantinden gaçan taraplar bolsa jenaýat jogapkärçiligine çekilip biliner.