Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe ulag geçelgesi arkaly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek boýunça Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň degişli ulag ministrlikleriniň köptaraplaýyn duşuşygynyň Teswirnamasyna gol çekildi.
Degişli resminama Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi diýip, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Habarda bellenilşi ýaly, gol çekilen Teswirnamada şu wezipeleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar: Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň çäkleri arkaly Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük daşamak işini guramagy; Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demir ýollary arkaly ýük daşamak üçin amatly şertleri döretmegi we bäsdeşlige ukyply tarif ulgamyny emele getirmegi; Degişli ugur boýunça ýük daşamak işini guramakda bitewi kanunçylyk- hukuk we tehniki standartlary bilelikde işläp taýýarlamagy; Degişli ugra gatnaşyjy ýurtlaryň ulag arabaglanyşygyny ýokarlandyrmagy.
Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag we demir ýol edaralarynyň wekilleri sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, onuň barşynda Hytaý - Gazagystan - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe - Ýewropa halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygy baglaşmak işlerini çaltlandyrmak boýunça esasy meseleleri maslahatlaşdylar.