Nukdaýnazar: Pandemiýa we geosyýasat dünýä söwda ýagdaýyny nädip üýtgetdi?

26.10.2023

Soňky dört ýylyň dowamynda dünýädäki konteýner bazary iki sany esasy faktor — pandemiýa we geosyýasy gurşawyň täsirine düşdi. Olar bazar tendensiýalaryny we ösüş dinamikasyny çaklamagy kynlaşdyrdy. Klarksonsyň hasabatyna görä, şu sebäplere esaslanyp, ösen ýurtlaryň yza çekilmeginiň netijesinde Aziýada we ösýän ýurtlarda konteýner bazarynyň ösüşi güýçlendi.

Çeşmede bellenilişine görä, bu ýurtlarda 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda pandemiýa sebäpli ýüze çykan päsgelçilikler we elektron söwdanyň ýokarlanmagy netijesinde konteýner gatnawy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 4% ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, 2022-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, geosyýasy ýagdaý konteýnerleriň mukdarynyň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4% we 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% azalmagyna sebäp boldy.

Klarksonsyň seljerijileri 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde konteýner gatnawynyň birneme ýokarlanandygyny, ýöne bu ösüşiň halkara söwdasynyň dürli tendensiýalary sebäpli bolandygyny düşündirdi.