«Ýüpek ýoly 2023» rallisiniň üçünji gününde bu abraýly ýaryş bilen birlikde dowam eden ralli-reýd boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty jemlendi. Tamamlanan ýörite bölekden soňky üç tapgyr T1, T2 we T3 görnüşlerinden Russiýanyň çempionlaryny kesgitledi.
Halkara ýaryş bolsa gyzykly ýagdaýda dowam edýär. Türkmen ekipažlarynyň gatnaşýan bäsleşiginde — T2 ýaryşynda duçar bolan kynçylyklaryna garamazdan, Melnikow öňde barýar. Ikinji orny «RUS» toparynyň wekili Lionid Petrow eýeleýär. Öňdebaryjylaryň ikisiniň aralygy 27 minutlyk ýoldan ybaratdyr. Tamamlanan tapgyrlaryň netijesinde üçünji hem-de dördünji orunlary Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri Maksatmyrat Daňatarowyň we Merdan Toýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky ekipažlar eýeleýärler. Öňdebaryjylaryň bäşligini bolsa «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparynyň sürüjisi Dmitriý Woronow elden bermeýär.
Üçünji tapgyryň ýörite böleginiň ekipažlar üçin bütin ýaryşyň iň dowamly ugry bolandygyna garamazdan, ol türgenler tarapyndan şowly geçildi. Sürüjileriň ählisi dag peýzažy bilen tapawutlanýan ajaýyp menzilleri ynamly külterlediler.