Deňiz transport bazaryndaky täze hyzmatdaş: Taýland konteýner ugryny döretmäge taýýarlanýar

26.10.2023

Taýlandyň Transport ministrligi täze milli konteýner ugryny döretmek meýilnamasyny yglan etdi.

Taýlandyň Portlar Guramasy, bu konteýner daşaýjy ugry döretmek üçin dolulygyna döwlete degişli kompaniýany döretmek ýa-da döwlet-hususy hyzmatdaşlyga gatnaşmak mümkinçiligini öz içine alýan dürli görnüşleri öwrendi.

Ilki bilen täze gatnawy içerki ugurda ulanmak, soňra bolsa onuň işini halkara bazaryna çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. «Bangkok Post»-yň habaryna görä, Taýland kompaniýasy ilki başda dört konteýner gämisi bilen işlär.

Häzirki wagtda Taýlanddaky iň uly milli konteýner ugry Sebitleýin konteýner ugrydyr (RCL). Onuň ulag kuwwaty 77 müň TEU bolup, «Alphaliner» sanawy boýunça dünýäde 24-nji ýerde durýar.