Dünýäniň konteýner bazary ösýär

19.10.2023

Deňiz üsti bilen konteýnerleri daşamakda nyrhlaryň peselendigine garamazdan, dünýä konteýner bazaryna bolan islegiň mukdary ýokary bolmagynda galýar. Awgust aýy üçin neşir edilen “CTS” maglumatlaryna görä, dünýä konteýner bazarynyň görkezijisi geçen ýyllardaky çäklendirmeleriň bolmagyna garamazdan, islegiň ýokary derejede saklanýandygy görkezýär.

2023-nji ýylyň ýazynda dünýä bazary durnuklaşdy we maý-iýul aýlarynda 15 million TEU çenli ýokarlandy. “CTS” berýän maglumatlaryna laýyklykda, awgust aýynda bazaryň mukdary 15,3 million TEU ýetdi. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 3,6%, 2019-njy ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 5,3% ýokarydyr.

2023-nji ýylda dünýä konteýner bazary Ýewropadan başga ähli ýerlerde durnukly ösüşini dowam etdirýär. Şu ýylyň martyndan bäri Ýewropa importyň mukdary geçen ýarym ýylyň anti-rekordyndan hem peseldi we özüniň importynyň mukdaryny rekord derejede azaltmagyny dowam etdirýär.

Häzirki wagtda Aziýanyň dünýä konteýner bazarynda görkezijileriň pandemiýa döwri bilen deňeşdirilende azlygyna garamazdan, importynyň mukdary 2018-2019 ýyllara garanda ýokarylygyna galýar, konteýner eksportynyň mukdary bolsa eýýäm ikinji aýyndan 2021-2022-nji ýyllaryň iň ýokary derejesinden geçdi.

ABŞ-da konteýner importynyň mukdarynyň ösüşi 2018-2019-njy ýyllaryňky bilen deň bolsa-da, onuň pandemiýa çäklendirmeleri döwründen ortaça görkezijisi aýda 100-150 müň TEU köpdür.