«Bir guşak, bir ýol» forumy geçiriler

13.10.2023

17-18-nji oktýabr aralygynda Pekinde halkara hyzmatdaşlygy boýunça «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň üçünji forumy geçiriler. Bu barada Hytaýyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hua Çuin tarapyndan çap edilen beýanatda bellenilýär.
Forumyň esasy mowzugynyň taslamanyň ýokary hilli gurluşygy, umumy ösüşiň we abadançylygyň bilelikde gazanylmagy boljakdygy bellenildi.
«Hytaýyň Başlygy Si Szinpin forumyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, söz sözlär, şeýle hem foruma gatnaşýan myhmanlar bilen ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer» diýlip beýanatda aýdylýar. Mundan öň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiçiň foruma gatnaşjakdygy aýdylypdy.
«Bir guşak, bir ýol» Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän bar bolan ulag geçelgelerini kämilleşdirmek we täze söwda-ulag geçelgelerini döretmek boýunça halkara başlangyjydyr. Bu geçelgeler Hytaý bilen söwda gatnaşyklarynyň ösmegine itergi bermek üçin niýetlenendir.
«Bir guşak we ýol» başlangyjy 2013-nji ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen taslamadyr. Onuň esasy maksady, köp sanly ýurduň gatnaşmagynda halkara söwda we maýa goýum taslamalaryny artdyrmak we gyzyklanýan döwletleriň maýasyndan peýdalanmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda oňa 150-den gowrak ýurt we halkara gurama goşuldy.