«Geljegiň logistikasy» atly halkara maslahat geçirildi

11.10.2023

11-nji oktýabrda Almaty şäherinde «Geljegiň logistikasy» atly halkara maslahaty geçirildi.      

«Shera Inn» myhmanhanasynda bolan halkara çäre GDA agza ýurtlaryň hünärmenlerini gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda öňdebaryjy hünärmenler çykyş edip, logistika ulgamynyň geljekki ösüşleri, täze ugurlary, logistika merkezleri üçin innowasion çözgütler, energiýa tygşytlaýjy sowadyjy ulgamlar hem-de Gazagystandaky ammar emläk bazary barada birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maglumat üçin bellesek, logistik strategiýany ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hem-de Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän Türkmenistan ulag düzümlerini kemala getirmekde we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde geljegi nazarlaýan täze ýollary açýar.

Ulag logistikasy dürli ulag görnüşlerini ulanmak bilen, halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda olaryň amatly, çalt we howpsuz daşalmagyny üpjün edýär. Bu bolsa dünýä bazarlarynyň ösýän döwründe ulag-aragatnaşyk infrastrukturalaryň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine amatly şertleri döredýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, ykdysady ösüşi gazanmak üçin ulag ulgamyny ösdürmegiň, bu ugurda halkara tagallalarynyň birleşdirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we bu işler häzirki döwürde hem dowam edýär.