Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar

09.10.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täjigistanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ulag we aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiligine, şeýle hem ýük daşamak bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.