Ýokary hilli hem-de amatly bahadan — atoulag hyzmatlary

07.10.2023

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň 1-nji ussahanasy siziň iň bir ygtybarly hyzmatdaşyňyz bolup biler.

Dürli awtoulag hereketlendirijileri bejermek, awtoulaglaryň boýag we reňkleme işlerini ýerine ýetirmek, awtoulaglary himiki serişdeleri arkaly arassalamak, awtoulaglaryň ýangyç farsunkalaryny arassalamak, awtoulaglary gerekli ýaglar bilen üpjün etmek, awtoulaglaryň  abzallaryny çäge arkaly arassalamak, kuzow bejergi işlerini amala aşyrmak, göçme sowadyjylary ýasamak, erňekli awtoulagy ýük furgon we erňekli tentli awtoulagyna enjamlaşdyrmak, eýerli çekiji awtoulagy gaýtadan bejergi işlerini ýerine ýetirmek we özi agdarýan awtoulagyna, suw çekiji awtoulagyna enjamlaşdyrmak, ýük furgon awtoulagyny ýük sowadyjy awtoulagyna enjamlaşdyrmak we awtoulaglary resminamalaşdyrmak ýaly ýokary hilli hyzmatlardan amatly bahadan peýdalanyp bilersiňiz.

Size hödürlenilýän hyzmatlar öz işine ökde tejribeli ussalar tarapyndan öz wagtynda tiz we ýokary hilli amala aşyrylýar. Ussahanaň döwrebap tehnologiki abzallar bilen enjamlaşdyrylandygy aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde raýatlarymyzyň her biri öz awtoulaglarynyň guratlygyny dolulygyna kepillendirip biler. Ýokary hilli we amatly bahadan biziň hyzmatlaymyzdan peýdalanyp, ýola düşmezden ozal awtoulagyňyzyň guratlygyny üpjün ediň.

 Ussahananyň ine bu ýerinde kuzow bejeriji enjamy arkaly awtoulaga gerek bolan bejergiler amala aşyrylýar. Enjam islendik degişli bejergini dogry, doly we düzüw ýerine ýetirýär.

Bu ýerde ýük göteriji enjamyň üsti bilen eýerli çekiji awtoulagynyň gaýtadan bejergi işleri ýerine ýetirilýär, awtoulaga suw çekiji çelegi oturdylýar, özi agdarýan enjamy enjamlaşdyrmaga kömek edýär. Bu abzal ýük furgon awtoulagy üçin gerekli serişdeleri ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Bu görýän göçme sowadyjylaryňyzy hem şu ussahanada ýasap, halkymyzyň hyzmatyna amatly bahadan hödürlenilýär. Her bir toý-baýramlarynda ulanylýan bu göçme sowadyjylary äkidip-getirip hem berýäris.

Bu ussahanadaky peýdalanylýan enjamlaryň, ýerine ýetirilýän we hödürlenilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarydygynyň janly şaýady bolanyňdan soňra, her bir işe kepil geçilenden soň, ýolda özüňi ynamly hem rahat duýarsyň.

Ýokarda hödürlenýän hyzmatlar öz işine ökde ussalar arkaly öz wagtynda dessin hem-de ýokary hilli amala aşyrylýar. Ussahananyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygy bellenmäge mynasypdyr. Bu ýere gelip siz awtoulaglaryňyzyň guratlygyny dolulygyna üpjün edip bilersiňiz.

Bu ýerde awtoulaga ýerine ýetirilen bejergiler üçin kepillikleri hem hödürleýändigini aýratyn bellemek gerek.

Hasaplaşyk nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyryp bolýar.

Ýokary hilli hem-de amatly bahaly hyzmatlardan peýdalanyp, ýola düşmezden ozal awtoulagyňyzyň guratlygyny üpjün ediň!

Habarlaşmak üçin: +993(12) 76-19-81