Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen harytlary demir ýol arkaly Ýakyn Gündogara daşamak meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar

04.10.2023

Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy we Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň ýurtlary Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen harytlary demir ýol arkaly Ýakyn Gündogara daşamak meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Häzirki wagtda Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlary bilen bilelikde Demirgazyk-Günorta halkara transport koridor taslamasyna gatnaşýan ýurtlar we mundan beýläk deňiz arkaly Birleşen Arap Emirliklerine Eýranyň we Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol arkaly haryt daşamak we yzyna ugratmak boýunça ähli gyzyklanýan taraplar bilen işjeň gepleşikleri geçirýär.

Muny Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň Energetika we infrastruktura ministri Arzybek Kojoşew 2-nji oktýabrda Abu-Dabide Abu-Dabi portlarynyň kompaniýalar toparynyň baş müdiri Muhammet Juma Al Şamisi bilen bolan duşuşygynda aýtdy.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, taraplar Demirgazyk-Günorta halkara transport koridorynyň ösüşi nukdaýnazaryndan daşary döwletler bilen BAE-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ministriniň pikiriçe, Demirgazyk-Günorta koridoryň meýilleşdirilen kuwwaty 2030-njy ýyla çenli 41-45 million tonna ýük möçberinde artyp biler.

Taraplar logistika pudagynda, esasanam deňiz portlarynda häzirki zaman sanly çözgütleri ulanmakda tejribe alyşmak barada ylalaşdylar.