Gazagystan Merkezi Aziýa we Hazar deňzi üçin doly hukukly transport we logistika merkezine öwrüler
29.09.2023
Gazagystan Merkezi Aziýa we Hazar deňzi üçin doly hukukly transport we logistika merkezine öwrüler. Bu barada ýurduň metbugat gullugy habar berdi.
Şu nukdaýnazardan Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan, Russiýa Federasiýasy we Hazar deňzi bilen serhetlerde ulag, logistika we söwda merkezleri dörediler. Hususan-da, ol Russiýa bilen serhetleşýän «Ýewraziýa» serhetara söwda merkezi Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň çägindäki halkara ykdysady platforma öwrüler.
Merkez Orenburg, Saratow, Samara we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna, Russiýanyň iň iri federal sebitlerine eltýän ýük akymlarynyň merkezi bolan senagat zolagynda ýerleşýän Ural şäheriniň howa menziline ýanaşyk ýerlerde bolar. Şeýle hem onuň ýanaşyk töwreklerinde oba hojalygynyň önümçilik merkezi we howa ýük terminaly üçin ýerler bar. Häzirki wagtda Günbatar Gazagystan sebitiniň administrasiýasy Ýewraziýanyň merkezi üçin senagat zolagynyň infrastrukturasynyň gurluşygynyň üstünde işleýär. Gurluşygyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.
Hazar deňziniň merkezindäki kuwwaty ýylda 10 million tonna bolan köpugurly deňiz terminalynyň gurluşygyny bolsa 2030-njy ýylda tamamlamagy meýilleşdirýärler.
Aktau we Kuryk portlarynda eýýäm konteýner merkeziniň gurluşygy boýunça işlere badalga berildi.