Ýurdumyzyň üç welaýatynda demir ýol menzilleriniň döwrebap binalary gurlar

18.09.2023

Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär.

Bu barada 16-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew demir ýol düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler baradaky hasabatynda aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny ösdürmegiň häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.