Wengriýada ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalara bellenilýän jerimeler 30 göterim ýokarlandy

04.09.2023

1-nji sentýabrdan Wengriýada ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalara bellenilýän jerimeler 30 göterim ýokarlandy.

Täze düzgünlere laýyklykda,

— ýokary tizlik üçin iň az — 39 müň forint (100 ýewro), iň ýokary — 390 müň forint (1006 ýewro) jerime salnar;

— ýol yşygynda gyzyl belgide geçen sürüjä 65 müň forint (167 ýewro) jerime salnar;

— artykmaç ýük üçin 65 müňden (167 ýewro) 650 müň forint (1,7 müň) aralygynda jerime salnar.

Awtoulag bilen baglanyşykly jerimeler:

— rugsatsyz daşamalar üçin 780 müň forint (2037 ýewro) jerime salnar. Halkara rugsady zerur bolup, ol hem ýok bolan ýagdaýynda sürüjä 1 million forintden (2579 ýewro) köp jerime salnyp bilner;

— daşary ýurtly sürüjiler barlag üçin talap edilýän zerur maglumatlar elýeterli bolmadyk ýagdaýynda olara 260 müň forint (670 ýewro) jerime salnyp bilner;

— sürüş wagtynyň bellenenden ýokary bolan ýagdaýynda 13 müň (33 ýewro) 390 müň forint (1006 ýewro) jerime salnar.

Tahograf we tahograf kartlary bilen baglanyşykly jerimeler:

— tahografyň ýoklugy üçin 1 million forint (2579 ýewro) jerime salnar;

— birden köp tahograf kartyny ulanýanlara 520 müň forint (1341 ýewro) jerime tölemeli bolar;

— galp tahograf kartyny ulanýanlar 780 müň forint (2012 ýewro) jerime tölärler;

— eger sürüji tahograf tarapyndan ýazylan maglumatlary üýtgedip bilýän kezzaplyga laýyk enjamlary ulanýan bolsa, jerime 1 million forint (2579 ýewro).