«Ýüpek ýoly» halkara rallisi başlanýar

05.07.2023

Her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Ýüpek ýoly» rallisi başlanýar. Düýn Tatarystanyň sebitlerinde geçirilen synag ýörişleri halkara rallisine gatnaşyjylara öz tehnikalaryny we starta taýýarlyklaryny synamaga mümkinçilik berdi.

Ertir — 6-njy iýulda Tatarystanyň Müňýyllyk meýdanynda ralliniň açylyş dabarasy geçiriler. Şeýlelikde, ýaryşa gatnaşýan 98 ekipaž ýeňiş üçin 5241 kilometrlik menzili külterlemeli bolar. Şonuň 2277-si tizlikde geçilmeli böleklerdir.

Bu ralliniň 9 tapgyrda geçjekdigi ýaryşyň resmi web-saýtynda görkezilýär. Ýaryşyň ýol ugry Russiýa Federasiýasynyň 13 sebitiniň çäginden parran geçer. «Ýüpek ýoly» rallisi Moskwada tamamlanar.

Halkara rallisinde türkmen ekipažlaryndan ajaýyp netijelere garaşylýar. Geçen ýylky ýaryşdaky şowly netijeleri olardan uly üstünliklere garaşmaga esasdyr. Ýaryşyň resmi web-saýtynda şol ýerde çykyş etjek türkmen türgenlerinden Süleýman Annamämmedow, Parahat Garlyýew, Şamyrat we Muhammet Gurbanowlar, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Merdan hem-de Şöhrat Toýlyýewler görkezilýär.

Aslynda bu ýaryşyň gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat aralygynda geçen «Ýüpek ýoly» rallisinden alyp gaýdýandygyny bellemelidiris.