Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň sanynyň barha artmagy hem-de täze okuw möwsüminiň başlanmagy ýollarda hereketiň artmagyna getirýär. Bu ugurda raýatlara rahat, howpsuz, medeniýetli hyzmat etmek üçin «Türkmenawtoulaglary» agentligi maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Biz hem Arkadag şäherinde hereket edýän döwrebap şäheriçi elektrobuslaryň hereketleri bilen tanyş etmegi makul bildik.
Şäherdäki
«1» belgili elektrobus gidişin Gorjaw şaýoly — Nurberdi han — Aman Kekilow köçeleri — Kärizek şaýoly — Nury Halmämmedow — Çary Baýryýew köçeleri — Kärizek — Aba Annaýew — Akhan şaýollaryndan gidip, gaýdyşyn Akhan — Aba Annaýew şaýollary — Gowşut han — Nurberdi han köçeleri — Gorjaw şaýolundan;
«2» belgili elektrobus gidişin Akhan — Aba Annaýew — Arkadag — Mälikguly Berdimuhamedow — Arkadag şaýollary — Aman Kekilow — Magtymguly Pyragy köçelerinden gidip, gaýdyşyn Magtymguly Pyragy — Aman Gulmämmedow köçeleri — Keýmir kör şaýoly — Atda Rahmanow — Gowşut han köçeleri — Aba Annaýew — Akhan şaýollaryndan gaýdýar.
«3» belgili elektrobus gidişin Akhan — Aba Annaýew — Arkadag şaýollary — Kerim Gurbannepesow köçesi — Keýmir kör şaýoly — Çary Baýryýew — Magtymguly Pyragy — Sabyr Ataýewa köçeleri — Keýmir kör şaýoly — Aman Kekilow köçesi — Arkadag şaýolundan gidip, gaýdyşyn Arkadag — Mälikguly Berdimuhamedow — Arkadag şaýollary — Kerim Gurbannepesow — Gowşut han köçeleri — Aba Annaýew — Akhan şaýollary boýunça hereket edýär.
«Akhan» binasynyň ýanyndaky duralgadan we 32-nji orta mekdebiň ýanyndan uguralyp, şäher içi boýunça hereket edýän «Yutong» kysymly elektrobuslar tebigata aýawly çemeleşmek babatda aňrybaş çözgütdir.
Täze elektrobuslar daşky görnüşi bilen şäheriň bezegine görk goşsa, 100 göterim elektrik energiýasy bilen işlemegi tebigatyň gözel ýeriniň goraglylygyna uly ýardamdyr.
Ýolagçylaryň ulaga münenlerinde we düşenlerinde bir-birege päsgelçiliksiz hereket etmekleri üçin üç sany gapysy bar. Gapylar ornaşdyrylan «akylly» tilsimleriň kömegi arkaly ýolagçylaryň sanyny umumy we her gapysy boýunça aýratynlykda hasaba alýar. Elektrobusda mümkinçiligi çäkli adamlaryň hem aladasy edilen.
Ýenede, elektrobusyň her oturgyjynyň gapdalynda ýan kompýuterleri, ykjam telefonlary güýçlendirmek üçin USB birleşdirijisi bar. Şeýl-de elektrobuslar sowadyş ulgamy bilen üpjün edilen.
Ýoluňyz ak bolsun, «akylly» şäheriň ýolagçylary!