Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 123,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýedi aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 104,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,6 göterime barabar boldy.
Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 119,1 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 259,7 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,8 göterime deň boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa ösüş depgini 112,2 göterime barabar boldy.