Panama kanalynda gämi gatnawlary üçin käbir çäklendirmeler giriziler

26.08.2023

Panama kanaly görlüp-eşidilmedik guraklyk zerarly azyndan ýene 10 aý üstaşyr gatnawlaryna çäklendirme girizmäge taýýarlanýar. Bilermenler sebitde «El Niño» wakasy sebäpli güýçli ýagyş ýetmezçiliginden Panama kanalynyň «daralmagy» täze adaty ýagdaýa öwrülip biler diýip çaklaýarlar.

Kanalyň kuwwaty ozalkysyndan az-kem artdy. Biz munuň şeýledigine kanaldan ozal günde 32 tanker geçip bilýän bolsa, indi bu görkezijiniň 34-e ýetendigini synlanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle-de kanalda döreýän «dyknyşyk» 160-dan 115 gämä çenli azaldy.

Kanalyň dünýä söwda gatnawynyň 3 göterimini we ABŞ-nyň konteýner gatnawynyň bolsa 40 göterimini üpjün edýändigini bellemelidiris.

Panama kanaly boýunça amala aşyrylýan girizilen çäklendirmeler eýýäm Hytaýdan ABŞ-nyň Gündogar kenarýaka ýerlerine şertnamalar boýunça harytlar bilen üpjünçiligiň bahasynyň 36 göterim ýokarlanmagyna getirdi.

2022-nji ýylda kanaldan 14 müňden gowrak gämi geçdi. Bularyň köpüsi Demirgazyk — Gündogar Aziýa we ABŞ-nyň Gündogar kenarýaka kompaniýalarynyň arasynda söwda edilýän sarp ediş harytlarynyň 40 göterimden gowragyny daşaýan konteýner gämileridi.