GDA ýurtlarynyň ammarlary bilen bagly ilkinji bitewi gollanma çap edildi

25.08.2023

Ozalky SSSR-iň ýurtlarynda ýerleşýän ammar desgalarynyň taryhynda ilkinji gezek «Warehouses Guide Global — 2023» atly bitewi gollanma döredildi. Bu neşiriň onlaýn görnüşi skladglobal.ru web sahypasynda ýerleşdirildi.

Bu gollanma soňky 14 ýylda Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň dürli sebitlerinde «Geljegiň logistikasy» atly pudaklaýyn maslahatlary geçirýän we şol bir wagtyň özünde Russiýadaky ammarlar barada gollanmalary çap eden «Ekbpromo» topary tarapyndan öndürildi.

«Warehouses Guide Global — 2023» gollanmasynyň birinji sanynda ozalky SSSR-iň ýurtlarynda gurulýan we häzirki wagtda hereket edýän 180-den gowrak ammar ýerleşdirilipdir. Bu ýurtlara Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ermenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Russiýa Federasiýasy girýär.

GDA ýurtlarynda ammar giňişligine bolan islegiň 2022-nji ýylyň başy bilen deňeşdirilende iki esse artandygy we ösmegini dowam etdirýändigi habar berildi.