Hytaý ýük gatnawyny artdyrmagyny dowam etdirýär

17.08.2023
«Sinhua» habar gullugy Hytaý Halk Respublikasynyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýyň ýük daşamalary boýunça görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,8% artyp, 25,93 milliard tonna ýetdi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Hytaýda awtoulag gatnawy 7,5 göterim ýokarlanyp, ýük daşamalarynyň mukdary 19.01 milliard tonna ýetdi. Howa gämileri bilen takmynan 3,28 million tonna ýük daşalyp, bu öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6,4% köpdür. Hytaý portlarynda ýük dolanyşygy 8 göterim ýokarlandy, görkezijiler bolsa 8,19 milliard tonna deň boldy. Hytaý portlaryndan konteýner gatnawynyň mukdary 150 million TEU-e (+ 4,8%) ýetdi.