Dünýäde awiasiýa ýük dolanyşygy 3,4% azaldy
17.08.2023
2023-nji ýylyň iýun aýynda dünýäde raýat awiasiýasynyň ýük dolanşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3,4% azalandygyna garamazdan şu ýylyň görkezijilerine garanyňda ep-esli gowulaşandygy habarlarda beýan edilýär. Munuň şeýledigi 2023-nji ýylyň başynda pese gaçyşyň has uludygy bilen düşündirilýär.
Has dogrusy, görkezijilere laýyklykda, dünýäde awia ýük dolanşygy ýanwar aýynda — 16,8 göterim, fewral aýynda — 9,4 göterim, martda — 7,7%, aprel aýynda — 6,6 göterim pese gaçdy. Ýokardaky maglumatlara ser salsak, pese düşüşleriň aý geldigiçe azalýandygyna, şonuň bilen bir hatarda bolsa ählumumy raýat awiasiýasynyň ýükleriniň daşalyşygynyň artýandygyny görmek bolýar. Bu maglumatlar Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) hasabatynda aýdylýar.
2023-nji ýylyň iýun aýynyň netijelerine görä, Latyn Amerika we Ýakyn Gündogardan başga dünýäniň ähli sebitlerinde diýen ýaly howa ýükleriniň dolanyşygynyň azalandygyny görmek bolýar diýip habarlarda aýdylýar. Bu görkeziji Latyn Amerika we Ýakyn Gündogardan sebitlerinde bolsa howa ýük dolanşygy degişlilikde 7,3 göterime we 0,5 göterim ýokarlandy.
Iýun aýynda ýük dolanyşygynyň pese gaçmagy Demirgazyk Amerikada (-6.5 göterim), Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde (-3,6 göterim) deň bolup, bu görkeziji Ýewropada (-2.8 göterim), Afrikada (-2,8 göterim) hasaba alyndy.