Russiýanyň demir ýollary Gyzyl deňizdäki ýük gatnawyny «eýeledi»

13.03.2024
«Financial Times» iňlis neşiriniň habar berşi ýaly, Gyzyl deňizde ýüze çykan kynçylyklar bilen baglylykda, Sues kanalynyň üstünden uzaýan deňiz gatnawynyň azalmagy Russiýanyň demir ýollarynyň mümkinçilikleri esasynda ýük daşamaga bolan islegi artdyrdy. Dekabr aýyndan bäri konteýner gämileriniň Gyzyl deňizde sezewar bolýan kynçylyklary sebäpli, alternatiw ugurlary gözlemäge mejbur bolýan taraplaryň Russiýanyň demir ýol ugurlarynda ýük daşamaga bildirýän islegleriniň takmynan 40% ýokarlanandygyny «DHL» habar berýär. Germaniýanyň logistika kompaniýasy demir ýol boýunça amala aşyryljak ýükleriň iň uly böleginiň Russiýanyň üstünden geçýändigini tassyklady. «RailGate Europe» şu ugra islegiň 25-35% artandygyny, Niderlandlaryň «Rail Bridge Cargo» neşiri bolsa şu ýyl Russiýanyň demir ýollary boýunça ýük daşamagyň bir ýyl ozalkydan 31 göterim köpelendigini habar berdi. Logistika kompaniýalarynyň gämileriniň Ýagşy Umyt köli we beýleki alternatiw ugurlar boýunça Afrikadan aýlanmaga mejbur bolýandyklary sebäpli, eltmek mümkinçiliginiň ortaça wagty 7-10 günden 50-55 güne çenli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde hem, Hytaýyň Çendu şäherinden Germaniýanyň Duýsburg şäherine Russiýanyň demir ýollary arkaly syýahatyň wagty 25-30 gün dowam eder.