Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan: Aşgabat sammitinde ulag ulgamyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

05.08.2023

Mälim bolşy ýaly, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi.

Üçtaraplaýyn sammitde Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň eýeleýän möhüm orny, biziň çäklerimizde netijeli logistika düzüminiň döredilmegi bu babatda ähmiýetlidigi bellendi.

Täjigistanyň Baştutany ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maýa goýumlar, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biziň ýurtlarymyz Aziýa we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr ulag gatnawlarynda geografik taýdan möhüm orny eýeleýär. Munuň özi üç döwletiň çäginde Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirýän doly derejeli logistika merkezini döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem bu ugurda gatnaşyklaryň köp babatda halkara hyzmatdaşlar bilen ylalaşygyň gazanylmagyny üpjün etmäge ukyplydygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz dünýä giňişliginde ylalaşykly ulag diplomatiýasyny bilelikde has maksada okgunly amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu diplomatiýa ýöriteleşdirilen düzümler — BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy bilen işleri işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, söwdany giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasy, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk, maýa goýum işini höweslendirmek ýaly üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri çetde galmaly däldir.