Russiýada täze ýük awtoulaglarynyň satuwy 18% ýokarlandy

06.03.2024
Şu ýylyň fewralynda Russiýada täze ýük awtoulaglarynyň 10215-si satyldy. Bu barada «AWTOSTAT operatiw. Russiýanyň awtoulag bazaryndaky häzirki maglumatlar. 2024-nji ýylyň fewral aýynyň netijeleri» onlaýn ýaýlymynda «AWTOSTAT» agentliginiň hünärmenleri habar berdiler. Maglumatlaryň «Önümçilik gözegçiligi maksatnamasy»* paýdarlar jemgyýetiniň binýadyna esaslanýandygyny, ýöne agentligiň öz segmentasiýasyny ulanandygyny bellemek gerek. 2024-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, ýük awtoulag bazarynyň göwrümi 35,8% ýokarlanan bolsa, bir ýyl öňki (2023-nji ýylyň fewraly) bilen deňeşdirilende, diňe 18,4% artdy. Bu bazar bölüminde öňdäki orun bassyr iki aýyň dowamynda Hytaýyň «SITRAK» markasyna degişli bolmagynda galýar. Bu kompaniýa fewral aýynda satylan awtoulaglaryň umumy möçberiniň 22 %-ini emele getirip, bu görkeziji önümleriň şol wagtda satylan sanynyň 2424 birlige deňdigini aýan edýär. Ikinji orny bolsa «KAMAZ» eýeleýär (1609 sany). Mundan başga-da, iň meşhur ýük ulag markalarynyň bäşligine Hytaýyň «Shacman» (1276 sany), «FAW» (862) hem-de «Dongfeng» (686) brendleri girýär. Iki aýyň netijeleri boýunça şu döwürde Russiýa Federasiýasynda täze ýük awtoulaglarynyň satylan sany 17739 birlige ýetdi. Munuň özi 2023-nji ýylyň ýanwar — fewral aýlary bilen deňeşdirilende, 14,8% artykdyr.