Aşgabatda guralan owgan harytlarynyň sergisiniň çäginde göçme birža söwdasy geçirildi
06.03.2024
5-nji martda paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi öz işini dowam etdi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň göçme birža söwdasy geçirildi.
Birža söwdalaryna Türkmenistanyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleri, şeýle hem Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Wirgin adalarynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Şotlandiýanyň işewürleri gatnaşdylar. Söwdalara gatnaşan wekiller özleriniň gyzyklanma bildiren dürli önümlerini satyn almak ýa-da satmak barada degişli söwda geleşiklerini baglaşdylar.
Göçme birža söwdalarynyň dowamynda jemi 70-den gowrak geleşikler baglaşyldy. Söwdalaryň netijeleri boýunça baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy daşary ýurt pulunda ABŞ-nyň 107 milliondan gowrak dollaryna, milli pulda 33 million manatdan gowraga barabar boldy.