Iri konteýner kompaniýalarynyň Ýewropanyň bazaryndaky orny

05.03.2024
Ýewropa bazaryndaky iýmitlendiriji operatorlarda uly konteýner ugurlarynyň agdyklyk etmegi dowam edýär. Deňiz ýük daşaýjylarynyň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny giňeltmek üçin has köp iýmitlendiriji we gatnaw hyzmatlaryny hödürlemek bilen, Ýewropanyň bazaryna çykmak isleýädiklerini «Alphaliner» tarapyndan hödürlenýän hasabata salgylanýan «The Loadstar» habar berýär. Şeýlelikde, «Alphaliner» tarapyndan öňe sürülýän maglumatlarda soňky 12 aýyň dowamynda iri konteýner ugurlarynyň Ýewropanyň içerki bazaryndaky umumy paýynyň 71% bolandygy beýan edilýär. Adaty sebit ýük daşaýjy kärhanalaryň we iýmitlendiriji operatorlaryň paýy 29 % bolup galýar. Birinji ýeri 2023-nji ýylda bu bazardaky ýük daşamak kuwwatyny takmynan 340 müň TEU çenli ýokarlandyran «MSC» eýeleýär. Onuň 2022-nji ýyldaky netijesi 316,8 müň TEU bolupdy. «MSC» Demirgazyk Ýewropa — Gündogar Ortaýer deňzi ugrundaky ekspres-hyzmatynda hem tonnažyny artdyrdy, ol 6,3 — 7,8 müň TEU sygymy bolan konteýner gämileriniň altysyny 8 — 9,2 müň TEU deň kuwwata eýelik edýän gämiler bilen çalyşdy. «CMA CGM» ikinji orny eýeleýär. Kompaniýa Ýewropanyň içerki ugurlary boýunça ýük daşamak kuwwatyny 2022-nji ýyldaky 157,6 müň TEU barabar bolan görkezijisinden 2023-nji ýylyň 181,2 TEU görkezijisine çenli ýokarlandyrydy. Geçen ýyl «MSC» bilen «2M» bileleşiginiň ýatyrylandygyny yglan edeninden soň, ulag kuwwatyny 110 müň TEU-den 133,6 müň TEU çenli ýokarlandyran «Maersk» öňdäki üçlügi jemledi. «Alphaliner» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, «Maersk» ýük daşamak boýunça iň iri taraplaryň dörtlüginden ýylyň dowamynda Ýewropanyň içerki bazaryndaky paýyny 11,3 %-den 11,7 %-e çenli ýokarlandyrmagy başaran ýeke-täk kompaniýadyr.