«Drewry WCI» konteýner indeksi: Aziýa — Ýewropa ugurlary boýunça nyrhlar her aý 20-25% aşak düşýär

05.03.2024
Konteýner ugratmak üçin «Drewry WCI» tarapyndan hödürlenýän nyrhlaryň ortaça görkezijisi 40 metrlik konteýner üçin 3,5 müň dollar boldy. Şeýlelikde, Aziýa — Ýewropa ugurlaryndaky nyrhlar hepdäniň dowamynda FEU üçin 300 dollar töweregi arzanlady. Demirgazyk Ýewropanyň portlaryna uzaýan ugurlar üçin subindeks FEU üçin 4 müň dollardan hem aşak düşdi. Ortaýer deňziniň portlaryna barýan ugurlarda bolsa geçen hepde FEU üçin 5 müň dollardan ýokary mukdardaky serişde bellige alnan bolsa, bu görkeziji häzirki wagtda 4,8 müň dollardan hem aşaklady. Demirgazyk Amerikanyň Ýuwaş ummanynyň portlaryna eltip bermegiň bahasy FEU üçin 200 dollardan 4,5 müňe, Atlantik okeanynyň kenaryna bolsa 150-den 5,8 müň dollara çenli arzanlady. Garaşylyşy ýaly, Gyzyl deňizdäki söwda gämileriniň Sues kanalyndan geçýän ýolunyň mejbury uzamagy dünýäniň konteýner ýük daşaýyş bazaryndaky artykmaçlyk bilen bagly meseläni çözmedi. Dekabr-ýanwar aýlarynda nyrhlaryň güýçli ýokarlanmagynyň bellige alnandygyna garamazdan, bahalar ýene-de peselip başlady. Ýanwaryň ahyryndan bäri — soňky bir aýyň dowamynda bolsa Aziýadan Ýewropa gatnaw ugurlarynyň nyrhlary 20-25% peseldi. Aziýadan Demirgazyk Amerikanyň portlaryna konteýner daşamagyň bahasy fewral aýynyň ortalaryndan bäri aşak düşýär. Transatlantik ugurda bary-ýogy iki hepdäniň içinde takmynan 40% böküşden soň nyrhlar durnuklaşdy.