Ulagyňyz gurat bolsun diýseňiz

04.08.2023

Adatça, bir ugra ýola çykmak üçin awtoulaglaryň kömeginden giňden peýdalanylýar. Gitmeli ýeriňe sag gidip, aman gelmegiň üçin bolsa ulagyň guratlygy zerur bolup durýar. Gurat awtoulag size ýolda bökdençlikleriň ýüze çykmagyny aradan aýyrýar.

Ulaglary bejermek üçin tejribeli ussalara ýüz tutulýar. Bu babatda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň 1-nji ussahanasy siziň ygtybarly hyzmatdaşyňyz bolup biler.

Biz size elýeterli bahalardan aşakdaky hyzmatlary hödürleýäris:

  • dürli awtoulag hereketlendirijileri bejermek;
  • awtoulaglaryň boýag işlerini ýerine ýetirmek;
  • awtoulaglary himiki serişdeler arkaly arassalamak;
  • awtoulaglaryň ýangyç forsunkalaryny arassalamak;
  • awtoulaglara gerekli ýaglar bilen üpjün etmek;
  • awtoulaglaryň abzallaryny çäge arkaly arassalamak.

Ýokarda hödürlenýän hyzmatlar öz işine ökde ussalar arkaly öz wagtynda dessin hem-de ýokary hilli amala aşyrylýar. Ussahananyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygy bellenmäge mynasypdyr. Bu ýere gelip siz awtoulaglaryňyzyň guratlygyny dolulygyna üpjün edip bilersiňiz.

Bu ýerde awtoulaga ýerine ýetirilen bejergiler üçin kepillikleri hem hödürleýändigini aýratyn bellemek gerek.

Hasaplaşyk nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyryp bolýar.

Ýokary hilli hem-de amatly bahaly hyzmatlardan peýdalanyp, ýola düşmezden ozal awtoulagyňyzyň guratlygyny üpjün ediň!

 Habarlaşmak üçin: +993(12) 76-19-81

Salgysy: Aşgabat ş. Berkarar etrap T.Suhangulyýew köçesi 94-nji jaý