Eýran sebitiň ýurtlary üçin açyk suw ugurlaryna çykmaga mümkinçilik döredýär

29.02.2024
Eýranyň ulag ministriniň orunbasary Dariuş Amani Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki ýurtlara üstaşyr ugurlar arkaly açyk suw ýollaryna girmäge mümkinçilik berýändigini habar berdi. Onuň sözleri «Trend» tarapyndan mälim edildi. Hödürlenýän maglumatlarda Amaniniň 20 — 23-nji fewral aralygynda Ženewada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň içerki ulag komitetiniň (ITC) 86-njy mejlisinde çykyş edendigi tassyklanylýar. Komitetiň öňünde eden çykyşynda Amani halkara ulag ulgamynyň diplomatik ösüşiniň möhümdigini we sebitdäki ýurtlar üçin açyk suw ugurlaryna Eýranyň çäginden geçýän ähli tranzit ýollary arkaly iň ýokary tranzit elýeterliligini üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy. Ol ýol ulag ulgamynyň ösüşi baradaky pikirini beýan etdi we munuň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak boýunça başlangyçlaryň zerurdygyna ünsi çekdi. Ol sözüniň üstüni şeýle jümleler bilen ýetirdi: «Awtomobil ulaglary gullugy jemgyýet üçin elýeterli we täsirli çözgütleri hödürlemek bilen, bäsdeşlige ukyply bolmalydyr».