Gyrgyz Respublikasy multimodal ýük daşamalary boýunça iki ugry ösdürýär

03.08.2023

Häzirki wagtda Gyrgyz Respublikasy multimodal ýük daşamalarynda esasy iki ugry ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Şol ugurlaryň biri Özbegistanyň, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň çäklerinden geçýär. Ýylyň ahyryna çenli Hazar deňzinde alnyp barylýan gazuw işlerini tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu ýol gündelik gämi ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Bu ugur Bişkekden başlap, «Dostuk» barlag nokadyna çenli baryp ýeter. Şeýle-de Özbegistandan we Türkmenistandan Alýat-Farap barlag nokadyndan üstaşyr geçer. Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan ýük parom bilen Hazar deňziniň üsti bilen Russiýanyň «Olýa» portuna çenli baryp ýeter.