Türkmenistan we Owganystan ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

28.02.2024
Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda iş saparynda bolýar. Şol saparyň çäginde owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu ýerde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ýük gatnawlaryny artdyrmak, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri daşamakda owgan işewürlerine has köp mümkinçilikleri döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Turgundy demir ýol menziliniň iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlarynda möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çeken owgan tarapy özara söwdany we üstaşyr ýükleriň gatnawyny artdyrmak üçin türkmen maýa goýumynyň hasabyna agzalan demir ýol menzilini döwrebaplaşdyrmaga we onuň ýük geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga taýýardygyny nygtady. Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji «Lapis — Lazuli» halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek üçin oňa gatnaşyjy beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Mämmethan Çakyýew iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda, esasan hem, ulag we logistika pudagynda köp işleriň edilýändigini, gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini belledi. Hususan-da, ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Owganystanyň demirýol guramalarynyň arasynda şertnama gol çekilmegi bilen, türkmen tarapynyň Turgundy demir ýol menziliniň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin gurluşyk işlerine başlajakdygyny aýtdy. Baş direktor Turgundy demir ýol menziline maýa goýmakda türkmen tarapyna amatly şertleriň döredilendigi üçin owgan tarapyna hoşallygyny beýan etdi. M.Çakyýew «Lapis — Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň örän möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda taslama gatnaşyjy bäş ýurduň arasynda maslahatyň geçirilmelidigine, şol ýerde gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ederalarynyň we gümrük gulluklarynyň hünärmenleriniň bu möhüm ugry dikeltmegiň ýollary barada giňişleýin pikir alyşmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de duşuşygyň çäginde ýakyn wagtda Owganystanyň söwda we senagat ministriniň ýolbaşçylygyndaky işewür wekiliýetiň Türkmenistana geljekdigi hem-de şol wekiliýetiň agzalarynyň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşjakdyklary aýdyldy.