“Lapis-Lazuli” ulag geçelgesine gatnaşyjy döwletleriň wekilleri Aşgabatda duşuşarlar

28.02.2024
26-njy fewralda Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçiren duşuşyklarynyň barşynda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Hususan-da, taslama gatnaşyjy 5 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň gün tertibini ylalaşmak meselelerine hem garaldy. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. “Lapis-Lazuli” – bu Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky üstaşyr ulag taslamasydyr. Bu ulag geçelgesi baradaky ylalaşyga 2017-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde gol çekildi. Bu ylalaşyk söwda geçelgesini emele getirmek üçin demir ýol, awtomobil, deňiz ýollaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýar. “Lapis-Lazuli” geçelgesi Owganystanyň Hyrat sebitinden Aşgabadyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Hazar deňzi arkaly Baku portuna, ondan aňry Tbilisiden Poti we Batumi portlaryna, Ankaradan hem Stambula uzaýar. Şeýle söwda-ulag taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystan üçin Ýewropa bilen söwda etmegiň iň gysga, arzan we ygtybarly ulag ugruny döredýär.