Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

27.02.2024
26-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, baglaryň ekiljek ýerlerini, bag nahallaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkimler «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkimlere tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda şu ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, oba hojalyk işlerinde ulanyljak ähli tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, çigitleri arassalamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek üçin häzirki wagtda olaryň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň tutýan meýdanyny giňeltmek hem-de döwlet ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekip, bu möwsümi guramaçylykly geçirmegiň geljekde ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, möwsümde işlediljek ähli oba hojalyk tehnikalarynyňdyr gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň hem-de beýleki azyklyk ekinleriniň ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýazky bag ekmek möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.