«Demirýollary» AGPJ halkara ugurlary boýunça ýükleme we düşürme hyzmatlaryny hödürleýär

26.02.2024
«Demirýollary» AGPJ-niň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük howlulary halkara ulaglar boýunça ýurdumyzdan geçýän gatnawlardaky import, eksport hem-de üstaşyr ýükleri ýükleme we düşürme işlerini amala aşyryp, öz hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Änew ýük howlusy demirýol ulagy arkaly import edilýän ýükleri ýagny, gurluşyk harytlary bolan armatur, kafel, şpaklýowka önümlerini, iýmit ýüklerinden bolsa un, ösümlik ýagy ýaly önümleri düşürmek hyzmatlaryny ýerine ýetirip, müşderiler üçin dürli amatlyklary döredýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat ýükleýiş-düşüriş ýük howlusynda häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasyndan demirýol ulagy arkaly armatur hem-de sement getirilip, şol ýükler wagondan awtoulaglara geçirilýär we Owganystan döwletine üstaşyr ugratmak işleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda 20 wagona barabar bolan 1 müň 360 tonnalyk armatur ýüki wagondan awtoulaglara geçirilip, takmynan her aýda 5-10 müň tonna aralygyndaky önümleri ugratmak meýilleşdirilýär. Eksport kuwwatyny barha artdyrýan Türkmenistan daşary döwletlere, ýagny Hytaýa, Marokka kükürt ýüküni eksport etmek bilen dünýäde tanalýar. «Demirýollary» AGPJ-niň 20-nji şahamçasynyň Sarahs ýükleýiş-düşüriş ýük howlusy hem bu eksport mukdaryny artdyrmakda mynasyp goşandyny goşýar. Sarahs ýük howlusy şu günki güne çenli takmynan 100 müň tonna golaý kükürt ýüküni ýüklemek hem-de düşürmek işlerini amala aşyryp, Eýran Yslam Respublikasynyň Bender abbas portuna ugratdy.