Özbegistan we Litwa awtoulagda ýük daşamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
26.02.2024
22-nji fewralda Halkara ýük daşamak işi boýunça bilelikdäki özbek-litwa komissiýasynyň maslahatynyň geçirilendigini «Trend» habar berýär.
Berlen maglumatlar bu ýerde halkara ýol ulaglary üçin şertleri gowulandyrmak, ýükleriň üznüksiz gelip gowuşmagyny üpjün etmek we milli ýük daşaýjylar üçin has amatly şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny tassyklaýar.
Litwanyň Ulag we kommunikasiýalar ministrligi bilen geçirilen duşuşygyň netijesinde daşary ýurt rugsatnamalarynyň 2023-nji ýylyň nusgasynyň güýjüni 2024-nji ýylyň 15-nji martyna çenli uzaltmak hakyndaky ylalaşyk gazanyldy.